Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen

27 Noýabr 2022
109

Aşgabat — Seul, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş bolup, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny belledi.