Baş maksat — halkyň bagtyýarlygy

27 Noýabr 2022
108

23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun kabul edilmeginden ozal, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ýurdumyzyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle giň gerimde ara alnyp maslahatlaşylmagy Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder, uzak we gysga möhletli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde öz ähmiýetini has-da artdyrar.

Ýurdumyzyň býujet ulgamy «Býujet ulgamy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna, Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde tassyklanylýan Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmegiň we ýerine ýetirmegiň Düzgünnamalaryna laýyklykda dolandyrylýar. Döwlet býujeti ykdysadyýeti rejelemegiň möhüm guraly bolmak bilen, ýurduň maliýe serişdelerini döretmegiň usullaryny we görnüşlerini kesgitleýär, şeýle-de olaryň jemgyýeti abadanlaşdyrmak, aýratyn-da, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin dogry hem-de dürs ulanylmagyny üpjün edýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar