25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.