Maşyngurluşyk önümleriniň eksporty ABŞ-nyň 20,5 milliard dollaryndan geçdi

27 Noýabr 2022
56

2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkiýäniň maşyngurluşyk pudagynyň önümleriniň eksporty ABŞ-nyň 20,5 milliard dollaryndan geçdi. Bu barada Türkiýäniň Maşyn we enjamlar
eksportçylary birleşigi (MAIB) habar berýär.

«MAİB»-niň maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýylyň on aýynda maşyngurluşyk önümleriniň eksportynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,7 göterim ýokarlanyp, ABŞ-nyň 20,5 milliard dollaryna barabar boldy.

Şabasan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.