Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyz ösýär we ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Ýurdumyzda köp sanly binalar, desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Täze senagat kärhanalary, medeni desgalar, ýokary we orta mekdepleriň binalary, häzirki zaman ulag ýollary we beýleki desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini bellemek gerek.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurulýan binalar ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde gurulýan ajaýyp binalar, döreýän medeni toplumlar, ulag ýollary diňe bir ýokary ülňülere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň ruhuna hem gabat gelýär.