«7/24. tm», № 48 (131), 27.11.2022
«Ilat ýazuwy – 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek». Şu şygar bilen 2022-nji ýylyň 17 – 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Bu köpçülikleýin çäräniň nyşany hökmünde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bolan sarpasyny alamatlandyrýan Türkmeniň ak öýi saýlanyp alyndy.