Türkmen-täjik medeniýetini dabaralandyran günler

27 Noýabr 2022
188

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 23-nji noýabrynda ýurdumyzyň paýtagtynda — dünýäde ak mermere beslenen binalaryň iň köp şäheri bolan Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.  

Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Dostlukly ýurduň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen kärdeşlerine döredijilik forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi we Täjigistanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».