«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyl Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň 60-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly hökmünde hem aýratyn mana eýedir. Şol dostlukly ýurtlaryň hatarynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hasaplanýan Koreýa Respublikasy hem bar. Şunda ýylyň dowamynda diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi mynasybetli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjek çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini bellemek gerek. Munuň özi taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigini ýene bir ýola açyp görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Geçen taryhy döwürde däp bolan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi. Şunda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin möhüm gurallar bolup hyzmat edýändigini nygtamak gerek. Şeýle-de biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde netijeli gatnaşyklary saklaýarlar.