Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alan dost-doganlyk gatnaşyklary

26 Noýabr 2022
60

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýa oňyn netije berýär. Biziň ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmegine ýardam edýär. Muňa ynsanperwer ulgamda türkmen-täjik medeni gatnaşyklary hem aýdyň şaýatlyk edýär. 23-nji noýabrda ak mermerli binalary bilen dünýä tanalýan paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň bolmagy iki halkyň gadymy hem müdimi doganlyk gatnaşyklarynyň ebediliginiň nyşany boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilen bu giň gerimli medeni çäre 3 günläp dowam edip, türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem möhüm goşant boldy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň berkidilmeginiň, döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Ine, bu gün hem iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri ýürekdeş dostlar hökmünde ýene-de türkmen topragynda duşuşdylar. Bu gezekki medeni çäräni ýokary derejede, many-mazmunly geçirmek üçin ýurdumyzyň iň gowy konsert zallary, teatr sahnalary, sergi meýdançalary foruma gatnaşyjylaryň ygtyýaryna berildi.

Beýleki habarlar