Sanly ulgam arkaly geçen iş maslahaty

25 Noýabr 2022
71

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň häzirki wagtda ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, «ak altyn» hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýändigi, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada habar berdiler. 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýandygy aýdyldy.

«Watan».
Beýleki habarlar