Noýabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.