Kenarynda Awazaň aýdym-sazy zamanaň

25 Noýabr 2022
86

Gadymy türkmen topragynda syýahatçylygyň dürli ugurlary boýunça ünsüňi çekýän, ýatdan çykmajak täsir galdyrýan künjekler näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem gojaman Hazaryň boýundaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Awazada tebigatyň hem ynsan aňynyň emele getiren täsinlikleri sazlaşýar. Ol bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň gözel ýerleriniň biridir. Hazaryň türkmen kenarynda bina bolan Awaza keýpiçaglyk döredýän, ynsanlaryň ömrüniň uzamagyna täsir edýän ajaýyplyklary özünde jemleýän mekandyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi özüniň owadanlygy bilen görenleri haýran galdyrýan bolsa, onuň şypa beriji howasynyň saglygy berkitmekde, hatda käbir keselleri bejermekde täsiri uludyr.

Jöwzaly tomus günleriniň eýýäm yzdalygyna garamazdan, şu günlerde-de gojaman Hazaryň kenary köp adamly. Aýratyn hem, daň-säherlerde, Günüň ýaşyp barýan çaglarynda Hazaryň boýunda gezelenç edip ýörenleri görüp, bu ýere dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýänleriň köpdügine göz ýetirýärsiň. Ol ýylyň bütin dowamynda myhmanlary kabul edýär. Bu babatda Awazada zerur şertleriň ählisi döredilendir. Howasy melhem, jana şypa bolan Awaza häzirki wagtda dünýäde iň ady belli künjekleriň biridir. Bu ýerde örän gysga taryhy döwür içinde kaşaň myhmanhanalar, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş, dynç alyş merkezleri gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Awaza häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baştutanlyk etmeginde halkara maslahatlaryň, festiwallaryň, dabaralaryň geçirilýän, köpleriň bolsa «Görsem» diýip, arzuw edýän ýerine öwrüldi.

Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar