Göwnüme bolmasa, bu gije öňkülerden has uzan ýaly. Bilýän: «Bu tebigatyň kanuny» diýjeksiň, ýöne bu diňe bir tebigatyň däl, eýsem, sensizligiňem kanuny. Aý hem görküni güjeňleýän ýaly nur saçyp seredýär maňa. Her gezek Aýa seredenimde, gazet sahypalarynyň birinde okan rowaýatym ýadyma düşýär. Rowaýata görä, aşygy Gün söýgi bilen bakan mahaly Aý bagtdan ýaňa tegelenip, dünýä nur saçýarmyş...
Sen hakyndaky hyýallarym halys erkime goýmansoň, ýene-de ýalňyz syrdaşym bolan kompýuterimiň öňüne geçip hat ýazyp başladym: