Türkmen mergenleriniň medallary

25 Noýabr 2022
68

Türkmenistanly türgenleriň ýeňişli ýolunyň menzilleri uly üstünliklere beslenýär. Golaýda Gruziýanyň Batumi şäherinde jemlenen ýaý atmak boýunça Ýewraziýanyň Açyk Gran-pri ýaryşynda gazanylan netijeler hem bu hakykatyň beýany boldy. Bu abraýly ýaryşda türkmenistanly mergenler 8 medala (2 altyn, 4 kümüş, 2 bürünç) eýe çykdylar.

Iň uly üstünlige Ezizmuhammet Sähedow ýetdi. Zehinli türgen altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ol 2006 – 2008-nji ýyllar aralygynda doglan ýaşlaryň arasyndaky şahsy ýaryşda iň ýokary netijä eýelik etmegi başardy. Ezizmuhammediň 2002 – 2005-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasyndaky bäsleşikde görkezen netijesi oňa ikinji altyn medalyny getirdi. Ýeri gelende bellesek, zehinli türgen paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysydyr.

«Türkmen sporty».