Watanyň türgen gyzlary

25 Noýabr 2022
267

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize türkmen türgenleriniň şu ýyl geçirilen halkara ýaryşlarda medallaryň 341-sini gazanandygy barada hem habar berildi. Elbetde, bu örän ýakymly habar. Halkara çärelere, şol sanda sport ýaryşlaryna badalga berilmegi, türgenlerimiziň iri ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmagyny dowam etdirmegidir. 341 medal iri ýaryşlarda gazanylan ýeňişleriň şanyna şonça gezek döwlet Baýdagymyzyň göge göterilendigini, Türkmenistanyň adynyň sport döwleti hökmünde tutulandygyny buşlaýar. Gazanylan ýeňişlerde zenan türgenlerimiziň aýratyn uly paýynyň bardygyny nygtamak gerek.

Žurnalyň geçen sanlarynda türkmenistanly zenan türgenleriň iri ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlarynyň käbiri barada ýazypdyk. Olar gazanan ýeňşi üçin geçen aýlarda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň serpaýlaryna hem mynasyp boldular. Hut şu aýyň özünde bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp gyzlarynyň üçüsi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanylan üstünlikleriň üstüni täze medallar bilen ýetirdi.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.