Tennisiň ýaş ussatlary

25 Noýabr 2022
53

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis kortlarynda tennis boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary bilen birlikde paýtagtymyza wekilçilik eden tennisçileriň 128-siniň (86 erkek tennisçi, 42 zenan tennisçi) gatnaşmagynda geçirilen çempionatda ýekeleýin hem-de jübütleýin ýeňijiler kesgitlenildi.

Erkek tennisçileriň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde Ýuriý Rogusskä taý tapylmady. Bu tennisçi final duşuşygynda Gurbanberdi Gurbanberdiýewi 6:4, 6:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ý.Rogusskiniň bäşinji gezek ýurdumyzyň çempiony diýen derejäni gazanandygyny bellemek gerek. Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Meýlis Orazmuhammedow 6:2, 6:3 hasabynda Hajymyrat Çaryýewi ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Merjen BEGÇEROWA,
sport synçysy.