Melhem suwly çeşmeler

25 Noýabr 2022
171

Ýaşaýyş-durmuşymyzda suw esasy zerurlyklaryň biridir. Türkmen topragy hem bereketli suw serişdelerine eýe. Pederlerimiz suwuň her damjasyny altyn dänesine deňäp, gadyrlapdyrlar. Onuň bisarpa ulanylmagyna, harlanmagyna ýol bermändirler. Ýadyma düşýär, enem dagy gum içinde ýaşansoň, içimlik suwy-da uzak aralykdan düýeli daşardylar. Suw gytçylygy zerarly gumda bag-bakja ösdürip ýetişdirmek aňsat däldi. Onda-da enem howlymyzda tut agajyny oturdyp, oňa ideg ederdi. Tut agajynyň ýanynda mydama suwly kündük durardy. Enem her gezek el-ýüzüni ýuwanda, onuň suwuny tut agajynyň düýbüne akdyrardy. Bize-de şeýle etmegi sargardy. Soňra şol tut agajy boý alyp, şaha ýaýdy. Enem onuň kölegesinde oturyp, el işlerini ederdi.

Gahryman Arkadagymyz «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly ajaýyp eserinde: «Parasatly pederlerimiz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin emeli derýalary, ýaplary, akabalary, köllerdir howdanlary, kärizleri we başga-da köp sanly suwaryş ulgamlaryny gurupdyrlar. Eşrepi suwuň ýeke damjasyny hem isrip etmän peýdalanmaga çalşypdyrlar» diýip ýazýar. Ata-babalarymyzyň bu asylly däplerinden ugur alnyp, häzirki döwürde hem ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Aýymjan BAÝRAMOWA,
Ýagşygeldi KAKAÝEW adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.