AÇYK GÜLLI KIPREÝ (Kипрeй мaлоцвeтный)

25 Noýabr 2022
148

Häsiýeti. Dag derman ösümligi.

Açyk gülli kipreý — kipreýler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50 — 80 sm köpýyllyk otjumak wekili. Çalymtyl-ýaşyl ösümlik, esasyndan gysga güýzki pudaklary we ýapraklary emele getirýär. Baldagy göni, ýönekeý ýa-da şahalanan, göni galgap duran şahaly, togalak, gür däl we gysga syh-syh buýraly tüýjagazlar örtülen, ýokarsy seýrek şeşper görnüşli tüýlüje. Ýapraklary süýri, pahna görnüşli ýa-da ýumurtga görnüşli pahna şekilli, gyrasy ownuk öňe çykyp duran dişlije, ýiti, sapaksyz, iki tarapy hem gür buýraly gysga tüýjagazlar bilen ýeterlik derejede örtülen.