«Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

25 Noýabr 2022
56

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda 24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler  watan mukaddesligi we perzentlik borçlary barada gürrüňler etdiler.