«Volks­wa­gen»-iň ma­ha­bat diň­le­ri

25 Noýabr 2022
35

Ger­ma­ni­ýa­nyň Wolfs­burg şä­he­rin­dä­ki «Volks­wa­gen» za­wo­dy­nyň go­la­ýyn­da «Au­tos­tadt» (aw­tou­lag şä­her­ji­gi) ýer­leş­ýär. «Au­tos­tadt» iki sa­ny köp gat­ly aý­na mi­na­ra­dan yba­rat bo­lup, kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze ön­dü­ri­len mo­del­le­ri şol ýer­de wit­ri­na çy­ka­ryl­ýar. Si­lindr gör­nüş­li, mer­ke­zin­de ulag­la­ry ýo­ka­ry gö­te­rip, aşak dü­şür­ýän öz­bo­luş­ly lif­ti bo­lan bu bi­na­la­ryň be­ýik­li­gi 60 metr bo­lup, her bi­ri­ne dört ýüz­den gow­rak ulag ýer­leş­ýär. Bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da esa­sy se­riş­de hök­mün­de aý­na ula­ny­lyp­dyr. Ýag­ny bi­na­nyň için­den da­şy­ny, da­şyn­dan içi­ni syn­lap bol­ýar. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar mi­na­ra­la­ry «aw­tou­lag du­ral­ga­sy» di­ýip at­lan­dyr­sa­lar-da, bu­lar «Volks­wa­gen»-iň tä­ze önüm­le­ri­ni ma­ha­bat ed­ýän ýe­ri­dir. Mi­na­ra­lar 700 metr­lik ýe­ras­ty tun­nel ar­ka­ly za­wo­da bi­rig­ýär. Za­wod­dan çy­kan «wolks­wa­gen­ler» tun­nel­dä­ki rels­le­re mü­nüp, ýer­ze­min­den gö­ni ma­ha­bat bi­na­sy­na gel­ýär. Bu ýer­de tä­ze ulag­lar se­kunt­da iki metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän lift ar­ka­ly ýo­ka­ry gal­dy­ry­lyp, ýer­li-ýe­ri­ne go­ýul­ýar. Ul­ga­myň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy tä­ze aw­tou­lag­la­ry hiç hi­li he­re­ke­te ge­tir­mez­den, müş­de­ri­le­re ber­mek­dir. Ýag­ny sa­tyn aly­jy aw­tou­la­gyň ge­çen ýo­lu­ny nol­dan he­re­ke­te ge­ti­rip baş­la­ýar.

2000-nji ýyl­da gurlan ma­ha­bat mi­na­ra­la­ryna ýyl­da 2 mil­li­on tö­we­re­gi müş­de­ri gel­ýär. Bu ýer­de aw­tou­lag mu­ze­ýi, uly ki­no­teatr, aw­tou­lag brend­le­ri­niň pa­wi­li­on­la­ry bo­lup, bi­na­nyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýan 15-20 mi­nut­lyk ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Otag­la­ryň bi­ri kom­ýu­ter­ler bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lyp, müş­de­ri­ler «Volks­wa­gen»-iň mo­del­le­ri­niň teh­ni­ki we be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len iç­gin tan­şyp bil­ýär­ler. Myh­man­lar aý­na lift­ler ar­ka­ly bi­na­nyň iň ýo­kar­ky – 20-nji ga­tyn­da­ky syn­la­ýyş ota­gy­na ba­ryp aşak­ly­gy­na se­re­den­le­rin­de bi­na­nyň için­dä­ki tä­sin gur­lu­şa şa­ýat bol­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, müş­de­ri­ler za­wo­da ba­ryp, sa­tyn al­ýan ulag­la­ry­nyň önüm­çi­lik pur­sat­la­ry­ny hem syn­lap bil­ýär­ler. «Au­tos­tadt» di­ňi di­ňe bir müş­de­ri­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­män, sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da hem meş­hur ýer­le­riň bi­ri­dir.