Fransiýa syýahatçylyk babatda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup, birnäçe binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar. Meşhur Eýfel diňi, Mon-Sen-Mişel galasy, Şambor köşgi, Ženewa kölüniň kenary, dünýäniň «atyr paýtagty» Gras şäheri, Lion hem-de Strasburg taryhy şäherleri, Şamoni lyža şypahanasy, Wersal labirint bagy syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleridir. Fransuz instituty bilen Luwruň merkezi meýdançasyny birleşdirýän «Pont des Arts» pyýada köprüsi hem uly meşhurlyga eýedir. Sena derýasynyň üstünden geçýän bu köpri 1802-1804-nji ýyllar aralygynda gurulýar. «Sungat köprüsi» adyny alan pyýada geçelgesi şol döwürde gurlan ilkinji metal köpri bolupdyr. 1975-nji ýylda Fransiýanyň milli taryhy ýadygärlikleriniň hataryna goşulan bu köpri sungat sergileriniň mekanyna öwrülýär. 1991-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen sungat köprüsiniň meşhurlygy has-da artyp başlaýar.
2008-nji ýylda ýaş jahankeşdeleriň arasynda öz atlary ýazylan gulplary sungat köprüsine dakyp, açaryny Sena derýasyna oklamak däbi başlanýar. Fransuz medeniýetinde beýle däp bolmasa-da, şondan soňra bu dessur wepaly söýginiň alamaty hasaplanyp başlanýar. Jahankeşdeleriň köp sanlysynyň Fransiýa syýahat etmegi bilen gulplaryň sany 700 müňden hem geçýär. Bu ýagdaý estetiki gözelligi döredip, 2014-nji ýyldan soň köprä gulp asmak däl-de, selfi düşmek ýörgünli däbe öwrülýär.