18-19-njy noýabrda Tailandyň paýtagty Bangkokda Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) sammitine gatnaşýan liderleriň duşuşygy geçirildi. Sammite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 21 ýurdundan döwlet Baştutanlary, degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary, hususy pudagyň wekilleri we halkara jemgyýetçilik guramalary gatnaşdy. Her ýylda geçirilýän bu duşuşygyň barşynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň durnukly ösüşiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu sammit 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirildi. Sammitiň esasy wakalary iki umumy mejlisde jemlenip, durnukly ösüşe, söwda we maýa goýumlaryny ösdürmäge bagyşlandy. Duşuşygyň barşynda oba hojalygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sammitde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek we howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin has köp tagallalaryň zerurdygy bellenildi.