Indoneziýanyň häkimiýetleri 46ýurduň syýahatçylaryna elektron wiza bermegi resmileşdirmek boýunça onlaýn hyzmaty ýola goýdy.
«Indoneziýanyň Kada-kanunlar ministrligi ýurda gelýän daşary ýurtly jahankeşdeler üçin immigrasiýa hyzmatlaryny ýönekeýleşdirmek maksady bilen «molina.imigrasi.go.id» saýtynda «e-VoA» wizasyny almak üçin resmi taýdan elektron hyzmaty işe girizdi. Şeýle hem täzelenen ulgamyň kömegi bilen syýahatçylar indi wiza tölegleri üçin nobata durmaly bolmazlar» diýlip, neşirde bellenilýär.