Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Gazagystanyň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 20-nji noýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, 81,31% sese eýe boldy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Nurlan Abdirow mälim etdi.