Mil­li öwüş­gin­li na­gyş­lar

25 Noýabr 2022
230

Türkmen halkynyň baý taryhy bolup, her bir milli eserini sungat derejesine ýetirmegi başarypdyr. Nagyşçylyk, bezegçilik sungatyny kämilleşdirmekde hem halkymyz uly meşhurlyk gazanypdyr. Nagyşçylyk, bezegçilik gadymyýetden gözbaş alyp gaýdyp, türkmen halkynyň nepis halylaryna, egin-eşiklerindäki nagyşlaryna, zergär önümleriniň nagyşlaryna siňipdir.

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölüminde nagyşlar baradaky kitaplar saklanýar. Me­tal­dan, daş­dan, bi­şi­ri­lip ýasalan senetçilik önümleri türk­men halk çe­per­çi­lik sun­ga­ty­nyň iň­ňän ga­dym­dan gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň he­mi­şe­lik ser­gi zal­la­ryn­da, şeý­le-de gaz­na­syn­da ke­ra­mi­ka­da­ky na­gyş­lar­dan baş­lap, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­ne si­ňen na­gyş­lar go­ra­lyp sak­lan­ýar we yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty köp ugur­ly bo­lup, ha­ly, ke­çe, egin-eşik, zer­gär­çi­lik sun­ga­tyn­da­ky na­gyş­lar özü­niň köp­dür­lü­li­gi, her na­g­şyň bir ma­ny aň­lad­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Na­gyş­lar çe­per el­li ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ze­hi­nin­den, ugur­ta­py­jy­ly­gyn­dan dö­räp­dir. Olar dur­muş­da­ky wa­ka­la­ry, te­bi­ga­tyň tä­sin ösüm­lik­dir, haý­wa­nat dün­ýä­si­ni, geo­met­rik şe­kil­le­ri, hy­ýa­ly şe­kil­le­ri sün­nä­läp, na­gyş gör­nü­şi­ne ge­ti­rip­dir­ler. Mil­li gö­zel­lik ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň owa­dan ly­bas­la­ryn­da, us­sat zer­gär­le­riň olar üçin ni­ýet­läp ýa­san al­tyn-kü­müş be­zeg şaý­la­ryn­da jem­le­nen bol­sa ge­rek. Na­gyş­la­ryň şeý­le köp­dür­lü­li­gi­ni, daş­ky dün­ýä bi­len bag­la­ny­şy­gy­ny ola­ryň at­la­ryn­dan hem bil­se bol­ýar: «dag­dan», «go­çak», «gü­jük yzy», «ak guw», «da­ragt», «erik gül», «pür-pu­dak», «ar­man», «çar­hy pe­lek» ýa­ly aja­ýyp na­gyş­lar hä­zir­ki gün­le­re çen­li äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gelipdir. Ga­dy­my nus­ga­la­ryň tä­ze na­gyş­lar bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, tä­ze bi­çüw­ler bi­len saz­laş­dy­ryl­ma­gy bol­sa ola­ry has-da gö­ze ýa­kym­ly gör­kez­ýär. Müň­ýyl­lyk­la­ryň yzy ga­lan na­gyş­la­ryň, keş­de­le­riň ne­pis­li­gi, in­çe­li­gi gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Ola­ryň türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ene­den gy­za, ge­lin­den bal­dy­za ge­çip gel­ýän el hü­nä­ri­di­gi hem­mä­mi­ze mä­lim ha­ky­kat. Gyz­ja­gaz­lar keş­de öw­re­nen­de il­kin­ji keş­de­län za­dy­ny ili­me-gü­nü­me peý­da­ly bol­sun di­ýip oba­da­ky sylanýan gar­ry enä be­rip­, onuň alkyş-dogasyny alypdyrlar. Şeý­di­bem eli çe­per gyz­lar bo­lup ýe­ti­şip­dir­ler. Gö­zel­lik bir um­man, onuň aňyr­sy­na-bär­si­ne göz ýet­me­ýär.

Beýleki habarlar