Ata-babalarymyz dowardarçylygy her paslyň özüne mahsus aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her möwsümiň howa şertlerine görä alyp barmakda çopançylyk kärini sungat derejesine ýetiripdirler. Çünki çopanlar dowardarçylykda geçirilýän owlak-guzy almak möwsümi, ýaz ýüňüniň gyrkymy, guzulary enesinden aýyrmak, güýz ýüňüniň gyrkymy, höwür möwsümi, dok gyşlatmak babatynda birnäçe baý iş tejribesini toplapdyrlar.
Dowardarçylyk pudagy özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däp-dessurlara, aýtgylara, nakyllara, adalgalara, rowaýatlara örän baýdyr. Hut şu nukdaýnazardan, bu pudak bilen bagly aýdylan aýtgylar hem öz ähmiýetini ýitirmän, häzir hem dowam edip gelýär.