Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, şunda Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. 1995-nji ýylyň oktýabrynda resmi taýdan ýola goýlan türkmen-emirlikler gatnaşyklary iki döwletiň Liderleriniň arasynda soňky ýyllarda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklar esasynda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda bu dostlukly ýurda amala aşyran resmi sapary hem köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere çykmagyna giň mümkinçilik berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýuldy we 2002-nji ýylyň 20-nji awgustynda BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy açyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki saparlar we olaryň netijesinde ähli ugurlar babatda gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy. BAE Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň hataryna girip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ýylsaýyn artýar. Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank işi, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bilimleri we tehnologiýalary, ylmy-tehniki täzeçillikleri alyşmak, maýa goýumlar hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarydyr.