Soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan, mazmun babatda baýlaşdyrylan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginiň möhüm şertleriniň biri gadymyýetden bäri iki halky birleşdirýän medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlykdyr. Şoňa görä-de, Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu forumda iki ýurduň senetçileriniň hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Onda türkmen we özbek halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, taryhyň, medeniýetiň ýadygärliklerini, häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini beýan edýän eserler görkezildi.