Janly-jandarlaryň ys alyş ukyby dürlüçe bolýar. Nýu-Ýorkdaky Rokfeller uniwersitetiniň molekulýar newrobiologiýa hünärmeni Lesli Wosşallyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň geçiren barlagynda adamyň 1 trillion töweregi ysy tapawutlandyryp bilýändigi ýüze çykaryldy. Geçirilen barlagda 26 meýletinçiniň hersine her synagda üç çüýşe berildi. Çüýşelerden ikisiniň ysy meňzeşdi. Olardan tapawutly ysy bilmekleri soraldy. Emma laboratoriýada öndürilen tapawutly ys bolsa, beýleki ys bilen 90 göterim meňzeýär. 10 göterimlik tapawudy bolsa saýgarmagyň kyndygy bellenilýär. Bu synaglar birnäçe gezek gaýtalanypdyr. Netijede, adamyň şeýle az tapawudy hem duýup bilýändigi mälim bolupdyr.
Azat BATYROW,