Ýewropa Teleýaýlym Bileleşigi (EBU) Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň ses berliş ulgamyny üýtgedip, bütin dünýä üçin açyk etjekdigini mälim etdi.
2023-nji ýyldan başlap, ýarym finala çykan toparlar bütin dünýäden berlen sesler arkaly kesgitlener. Finalda bolsa, professional emin agzalary ýeňijini kesgitlär. EBU täze düzgün bilen ýaryşa global gyzyklanmanyň artdyrylmagyny maksat edinýär. Täze düzgüne görä, ýarym finala çykjak ýurtlary diňe tomaşaçylar kesgitlär. Finalda bolsa, emin agzalary tomaşaçylardan gelen sesleri hem göz öňünde tutup, ýeňijini belli eder. Aýdym-saz bäsleşigi Ýewropa Teleýaýlym Bileleşigine agza bolan ýurtlaryň (köpüsi Ýewropadan) arasynda 67 ýyldan bäri geçirilýär.