Soňky ýyllarda ýurdumyzyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen köp işler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu ugurdaky işleri has işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sanly ulgam arkaly geçirilen «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr.