Gülhatma

24 Noýabr 2022
117

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň Amyderýa, Bathyz, Gaplaňgyr, Köpetdag, Köýtendag, Repetek, Sünt-Hasardag, Hazar we Bereketli Garagum goraghanalarynda tebigatyň täsinlikleriniň goragyna gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi gözelligi bilen birlikde täsin atlary bilenem haýrana goýýar. Şeýle otlaryň biri-de gülhatmadyr. Köpýyllyk ot bolan gülhatmanyň tüýjümek ýapraklary penje görnüşli bolup, baldakda nobatlaýyn ýerleşýär. Italiýada, Kawkazda, Ukrainanyň günortasynda, Merkezi Aziýanyň dag eteklerinde, haşal ot görnüşinde ösýän gülhatmanyň güli dermanlyk üçin ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelnipdir. Onuň gülleriniň dürli reňkde bolmagy-da örän täsindir. Ol tomsuň ortaky aýyndan güýzüň ortalaryna çenli gülleýär. Dermanlyk üçin ýygnalyp, saýa ýerde guradylan gülleriň öz reňkini saklamagy hökmany hasaplanylýar. Gülhatmanyň şiresine çaýkalmagy agyz boşlugynyň ýaralaryny bitirmekde, dişi berkitmekde örän peýdalydyr. Şeýle-de onuň dem alyş ýollaryny ýumşadyjy häsiýeti hem bar.

Amandursun HYDYROWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň bölüm müdiri.