Gurmak ― ösüşlere goşant goşmak

24 Noýabr 2022
93

Ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňeşdirmäge gönükdirilen işleriň gerimi barha giňelýär. Bu il-ýurt bähbitli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere göterilýär. Ösüşleri çaltlandyrmak maksady bilen täze desgalary gurmak işleriniň depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle möhüm işde «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň agzybir işgärleri tutanýerlilik görkezýärler. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has netijeli zähmet çekýärler.

Şanly ýylyň geçen döwründe müdirligiň işgärleri möhüm taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine netijeli gatnaşdylar. Olaryň arasynda uzynlygy 125 kilometre barabar bolan Üçajy gaz käninden «Lebap» döwlet elektrik stansiýasyna çekilen ýokary basyşly gaz geçirijisi hem bar. Bu işiň üstünlikli tamamlanmagy kuwwatly desgany tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge hem-de elektrik energiýasynyň öndürilişini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki günlerde bolsa Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükläp ugradýan desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bulardan başga-da Naýyp gaz käninde gaz guýularyny özleşdirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Möhüm işlerde müdirligiň Baýramgeldi Bazarbaýew, Gurbanýaz Gurbanpoladow, Tahyr Koçyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gurluşyk-gurnama meýdançalarynyň işgärleri has tapawutlanýarlar.

Akmyrat HUDAÝAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň başlygy.