Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy

23 Noýabr 2022
1120

Abu-Dabi, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn dostlukly ýurduň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi. Onuň barşynda iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy hem-de taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bar bolan ägirt uly kuwwaty we özara bähbitleri nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.