Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri bilen duşuşdy

22 Noýabr 2022
721

Abu-Dabi, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz özüniň BAE resmi saparyna deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinde guralýan iki ýurduň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine täze itergi berýän waka hökmünde garaýandygyny nygtady.