Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

21 Noýabr 2022
1566

Ahal welaýaty, 19-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Ir bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar. Olar merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.