«Ak­rap gy­şyň ow­su­ny...»

21 Noýabr 2022
90

Ak­rap döw­ri her ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­dan baş­la­p, 22-nji no­ýab­ra çen­li ara­lyk­da do­wam ed­ýär. Bu dö­wür ha­kyn­da bir­nä­çe na­kyl­lar dö­re­di­lip­dir.

Ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça Mi­zan­dan soň Ak­rap gel­ýär. «Ak­rap» arap sö­zi bo­lup, «iç­ýan» diý­mek­dir. Bu dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar ta­rap­dan so­wuk ho­wa aky­my ara­la­şyp baş­la­ýar. Bu ýag­daý halk na­ky­lyn­da «Ak­rap ge­ler gy­gy­ryp, ýel-ýag­my­ryn ça­gy­ryp» di­ýen se­tir­ler­de hä­si­ýet­len­di­ri­lip­dir.