Güýz pas­ly­nyň bir gü­ni

21 Noýabr 2022
78

Güýz gün­le­ri­niň bi­ri­di. Go­la­ýy­myz­da­ky se­ýil­gäh­de açy­lyp otu­ran bir top­bak gy­zyl gül ün­sü­mi özü­ne çek­di. Olar uzak ara­lyk­dan bir bä­gül ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär­di. Ýö­ne oňa go­laý­la­nym­da onuň bir bä­gül däl-de, şa­ha­la­ryn­dan böl­ünen bir­nä­çe gül­ler­di­gi­ni gör­düm. Gül­le­riň şeý­le je­bis ösüp otu­ryş­la­ry ma­ňa il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir ýa­şaý­şy­ny ýat­lat­dy. Men el­wan gül­le­ri syn­lap, öz ýa­nym­dan: «Goý, her bir yn­san şu gül­ler ýa­ly özü­ne çe­ki­ji, par­lak, şat­lyk ge­tir­ýän bol­sun» di­ýip pi­kir öwür­dim.

Yn­sa­nyň da­şy-do­la­gy bo­lan te­bi­ga­tyň berk sak­lan­ýan ka­da­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, yn­san­lyk ka­da­la­ry-da bar. Yn­san­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý ed­ýän­ler gül­le­riň öz­le­ri­ne çe­ki­şi ýa­ly, il-gün ta­ra­pyn­dan sy­lan­ýan, hor­mat­lan­ýan adam­lar bo­lup, ag­zy­bir­lik­de dur­mu­şyň lez­ze­ti­ni du­ýup, wag­ty­hoş­luk­da ýa­şa­ýar­lar. Te­bi­gat öz ka­da­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý edip, äh­li bar­lyk üçin ge­rek şert­le­ri dö­re­dip bil­ýän bol­sa, yn­san­lar hem dur­muş üçin ze­rur ka­da­la­ry bir­kem­siz ber­jaý et­se­ler ýa­şaý­şyň ma­ny­sy art­ýar.