Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19 Noýabr 2022
1138

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.