Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

19 Noýabr 2022
844

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär.