Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala çagyrdy. Ol ýerde ikiçäk düzümdäki gepleşikler geçirildi.