Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

17 Noýabr 2022
1219

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de söhbetdeşlikde nebitgaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarda taryhy we medeni köklere ygrarlydygy tassyklanyldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli şerti bolup durýar.