Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi

17 Noýabr 2022
1121

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl bu gaznanyň ýanynda onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşini döretmek çözgüdi kabul edildi.

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdir. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär.