Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15 Noýabr 2022
1075

Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde talabalaýyk alyp barmak, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, bugdaýa ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.