Täsin ösümlikler dünýäsi

25 Sentýabr 2020
368

Diýarymyzyň ähli künjeklerini bezeýän gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlaýan, gözel tebigatymyzy ösümliklersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistan mineral serişdelerine, bejeriş çeşmelerine, dürli dermanlyk otlara baý ýurt. Hut, şonuň ýaly-da, dünýäniň başga künjekleriniň tebigatlarynda tanalýan we tanalmaýan ösümlikler näçe diýseň bar. Derde derman, gyzyl-ýaşyl öwüsýän gülleriň, ösümlikleriň watany bolan Hindistanyň tebigatyny hem reňksiz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Barhatsy — hindi döwletinde örän ýörgünli we gündelik durmuşda ulanylýan gülleriň biri. Hindi gelin-gyzlary, bu ajaýyp reňkli gül bilen saçlaryny bezeýärler. Olar güli güne serip guradyp, soňra bolsa kül ýaly owradyp, toý-baýramçylyklarynda ýeriň ýüzünde surat çekýärler. Mahmal ýaly ýakymly bu güli, hindi toýlarynda ýaş çatynjalar bir-biriniň boýnundan asyp däp-dessur berjaý edýärler. Mundan başga-da, barhatsy gülünden, endamyňda galan sypjyryklary hem bejerýän ýag ýasalýar.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».