Üç halkyň ogly («Heňňam hekaýatlary» toplumyndan)

25 Sentýabr 2020
326

Ol gök tokaýly Russiýanyň jümmüşinde dünýä inen, jöwzaly, ymgyr çölli Türkmenistanyň gujagynda manyly ömrüni geçiren, keramatlar hem geň-taňlyklar ýurdy bolan Hindistanyň halkynyň öňünde unudylmaz hyzmat bitiren adam. Köp kişä ýetdirmeýän talant başarnygy, adaty adamlardan has üýtgeşik zähmetsöýerlik, işeňňirlik, ylma teşnelik, durmuşyň islendik kynçylygynyň öňünde mert durmak, il-halka ak ýürekden hyzmat! Ine, bu ykbalyň aýratynlygy! Bir göwrede şunça zatlara jaý tapmak başarnygyny meger, oňa Hak hünäri-lukmançylygy bagyşlan bolsa gerek. Sebäbi ýokarky agzan hüý-häsiýetlerimizdir gylyklaryň jeminden şeýle ajaýyp, her kese başartmaýan ukyplar: alym-lukman, şahyr-terjimeçi, lingwist, filosof, taryhçy döreýär duruberýär.

Turuwbaşdan bir hakykaty bellemeli: eden işleri dünýä dolanam bolsa, Boris Leonidowiç Smirnowyň iş bitiren ýeri, adynyň rowaýata öwrülen hakyky mekany Türkmenistandyr. Munuň sebäbem döredijiligi köpgyraňly şahsyýetiň ömür örküni şu topraga baglanlygydyr.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW.