Ussat bolup öten...

25 Sentýabr 2020
291

Goňşy-golamlary, ýakyn garyndaşlary bolaýmasa, uludan-kiçä hemmeler Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewa «Artygyň ejesi» diýýärdiler. Dirikäň bir ömre teatra, kino hyzmat edip, ýüzlerçe keşpleri döredip, ýogalaňdan soňra şolaryň diňe biriniň hormatyna adyňy tutsalar, eýsem, bu döredijilik adamsy üçin uly bagt dälmidir?!

Biziň Häli-häzirem sungat muşdaklarynyň hakydasynda ýaşaýan ussat artistimiz 1912-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Garahan obasynda eneden dogulýar. Ol heniz çagaka kakasy aradan çykýar. Maşgalabaşynyň ornunda galan gaýratly zenan şol kynçylykly günlerde ejizlemän, on barmagynyň hünärine daýanyp, üç çagasynyň ýetimligini bildirmän ekläp-saklaýar.

Mährijemal TOÝMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň mugallymy.