Türkmenistan — Bitaraplyk mekany

25 Sentýabr 2020
128

Pederleriň keramatly ojagy,
Türkmenistan — Bitaraplyk mekany.
Dost-dogana açyk mydam gujagy,
Türkmenistan — Bitaraplyk mekany.

Agzybirlik, jebislikdir geregi,
Ýagşy niýet bilen doly ýüregi,
Ömürlikdir binýadynyň diregi,
Türkmenistan — Bitaraplyk mekany.

Güýçnazar TÄŞLIÝEW,
Balkan welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.