Oňyn özgertmeleriň ugry bilen

25 Sentýabr 2020
126

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini ösdürmäge, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem jemgyýetimizi demokratik başlangyçlar esasynda jebisleşdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigi jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri — Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görünýär.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi geçirilýär. Umumymilli forumda halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyna garalmagy onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrar.

Maksatberdi GURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.