Garaşsyzlyk we gözellik

25 Sentýabr 2020
185

Ylham pasly

Güýz paslynda joşmadyk, ol hakda goşgy ýazmadyk şahyr ýok bolsa gerek. Ol hakda ýazylan islendik şygry okasaň, ondan güýzüň bir gözelligini duýmak, bilmek bolýar. Eýsem, şahyrlaryň güýz paslyna şeýle üns berşi, ony şygra salyp söýşi nämedenkä?! Onuň «altyn güýz» diýip arzylanmagy bu paslyň diňe reňk öwüşginleri bilen bagly däl bolsa gerek. Eger ony şeýle atlandyrýan bolsalar, adamlaryň ýüreklerinde oňa egsilmez mähir bolmaly. Belki-de, ol pespällikdir, belki salyhatlylykdyr, belki, agraslykdyr. Onda adamlaryň durmuşda hem «altyn ortalyk» diýip arzylaýan düşünjesi ýerleşendir, belki-de. Ol bolsa diňe sazlaşykly ýaşamagyň düzgüni hökmünde durmuşda däl, eýsem, güýzde hem bar ahyry. Howa salkynlyk aralaşýar, suwlar durlanyp, keşbiň görünýän derejä ýetýär. Güýz güllerini diýsene! Olar parlaşyp, dürli reňkde göwher ýaly şugla saçyp otyr. Şolaryň arasynda gök reňkli güller aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Bu güllerde asman bilen, onuň asudalygy bilen, akaryň göm-gök dury suwy bilen meňzeşlik bar. Ol bolsa rahatlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Durnalar» şygrynda ýazyşy ýaly:

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».